Mewlüt Çawuşogly irlandiýaly kärdeşi Saýmon Kowni bilen metbugat ýygnagyny geçirdi

Mewlüt Çawuşogly, Irlandiýa Türkiýäniň ÝB-e agzalyk etabyna iň başyndan bäri berýän goldawy üçin hem minnetdarlyk bildirdi

1572667
Mewlüt Çawuşogly irlandiýaly kärdeşi Saýmon Kowni bilen metbugat ýygnagyny geçirdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, resmi sapar bilen Ankara gelen Irlandiýanyň Daşary işler we Goranmak ministri Saýmon Kowni bilen ikitaraplaýyn we sebitleýin meseleler bilen birlikde Türkiýe-Ýewropa Bileleşigi gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşandyklaryny habar berdi. 

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly we Irlandiýanyň Daşary işler we Goranmak ministri Saýmon Kowni, Daşary işler ministrligindäki duşuşykdan soň umumy metbugat ýygnagyny geçirdiler. 

Irlandiýaly kärdeşi bilen duşuşyk geçirmekden hoşal bolandygyny aýdan Çawuşogly, ikitaraplaýyn gatnaşyklary esasan hem söwda we ykdysady ugurlar boýunça nädip ösdürip biljekdiklerini maslahatlaşandyklaryny belläp: "Geçen ýyl takmynan 1,5 millard dollar töweregi söwda gatnaşygymyz boldy. Muny 3 milliard dollara ýetirip bileris" diýip mälim etdi. 

Çawuşogly, syýahatçylygyň iki ýurdyň hem ykdysady hem-de adamzat gatnaşyklary taýdan möhim bir pudakdygyny belläp: "2019-njy ýylda 95 müňe golaý Irlandiýaly syýahatçy ýurdumyzda dynç aldy. Elbetde koronawirus epidemiýasy sebäpli syýahatçylykda çäklendirmeler boldy, emma howpsyz syýahatçylyk gollanmasy bilen geçen ýyl 15 million syýahatçy ýurdumyza dynç almaga geldi" diýip aýan etdi. 

Kärdeşi bilen Kowi-19-a garşy göreş meselelerini hem ele alandyklaryny aýdan ministri Çawuşogly: "Öňümizdäki etapda adamlaryň erkin ýagdaýda hereket edip bilmekleri üçin syýasatçylar, ýolbaşçylar hökmünde biz hem öz üstümize düşenini ederis. Ýurdumyzda has köp Irlandiýaly syýahatçyny kabul etmäge garaşýarys" diýip habar berdi. 

Mewlüt Çawuşogly, Irlandiýa Türkiýäniň ÝB-e agzalyk etabyna iň başyndan bäri berýän goldawy üçin hem minnetdarlyk bildirdi. 



Degişli Habarlar