Erdogan Kowid-19 epidemiýasyna garşy üstünde işlenýän sanjymlar bilen bagly beýanat berdi

Prezident Erdogan, koronawirus epidemiýasyna garşy üstünde işlenýän sanjymlar bilen baglanşykly, 3 döwrebap ýerli dalaşgär sanjymymyzyň fazalaýyn barlag işleriniň bosagasyndadyklaryny habar berdi

1573029
Erdogan Kowid-19 epidemiýasyna garşy üstünde işlenýän sanjymlar bilen bagly beýanat berdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Prezidentiň kompleksinde "TÜBITAK we TÜBA Ylmy sylaglar" dabarasyna gatnaşdy. 

Erdogan, ol ýerde eden çykyşynda, her tapgyrda bilimi we ylmy işleri goldamagy ileri tutan ugurlarynyň iň başyna ýerleşdirendiklerini habar berdi. 

Teknofest ýaryşlary bilen ýaşlary uly tolgunma bilen açyşlary etmäge höweslendirendiklerini aýdan Erdogan: "Soňky 2 ýylda 159 okuwçydyr talybymyz halkara we sebitleýin olimpiadalardan 144 medal we 8 sylag bilen gaýdyp geldiler" diýip mälim etdi. 

Türk alymlaryň saglygy goraýyş pudagynda eden işlerine ýakyndan gözegçilik edýändigini aýdan Erdogan: "436 ylmy işgärimiz, sanjym we derman bilen bagly jemi 17 taslamanyň üstünde işleýär. 3 döwrebap ýerli dalaşgär sanjymymyz fazalaýyn barlag işleriniň bosagasynda. Häzirki aktiw däl sanjymlardan has täsirli bir düzüme eýe bolan dalaşgär sanjymlarymyz bilen bagly işler dowam edýär. Nesip bolsa, öz sanjymyny öndüren bir ýurt hökmünde halkara arenada öňbaşçy bir aktýor pozisiýasyna geçeris" diýip beýan etdi. 

Erdogan, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy tarapyndan berilýän maglumata görä, ABŞ-dan we Hytaýdan soň Kowid-19 epidemiýasy bilen bagly iň köp sanjym taslamasynyň üstünde işleýän dünýäde 3-nji ýurtdurys. 

2025-nji ýylda Bütindünýä Bilim forumyna ýer eýeçiligini etmäge taýardyklaryny aýdan Erdogan: "Şu ýylyň içinde täze bir sahypa açyp öz ugrunda iň ökde azyndan 100 ylmy işgäri ýurdumyza getireris" diýip belledi. 

Prezident Erdogan çykyşyndan soň TÜBITAK we TÜBA Ylmy sylaglara laýyk görülen adamlara sylaglaryny gowşurdy. 



Degişli Habarlar