Yslam Duşmançylygynyň we Daşary Ýurtly Garşydaşlygynyň Öňi Alynmaly

Prezident R.T.Erdogan dünýäde ýaýbaňlanýan yslam duşmançylygynyň we daşary ýurtly garşydaşlygynyň öňüniň alynmalydygyny beýan etdi

1572033
Yslam Duşmançylygynyň we Daşary Ýurtly Garşydaşlygynyň Öňi Alynmaly

Erdogan Kommunikasiýalar edarasynyň Halkara Holokosty hatyralama güni mynasybetli açylan werememer.gov.tr saýtyndan wideoýüzlenme berdi.

Bütin adamzadyň agyr günleri başdan geçirýändigini, koronawirus pandemiýasy bilen bilelikde rasizm wirusynyň hem günsaýyn ýaýraýandygyny görýändiklerini aýdan Erdogan: “Metjit, sinagog we buthana ýaly ybadathanalara guralýan hüjümler günsaýyn artýar. Etniki gelip çykyşy, dini, dili, daşky görnüşi tapawutly bolan halk gatlaklaryna garşy ýigrenç jenaýatlary barha köpelýär. Rasist terror jemgyýetçilik parahatçylyga we adamlaryň agzybir ýaşama ygtyýaryna zarba urýan howpsyzlyk wehimine öwrüldi. Eýsem geçen asyrda başdan geçirilen gussaly wakalar rasist ideologiýalaryň nähili pajygalara sebäp bolýandygyny görkezýär” diýdi.

Millionçarça adamyň pida bolmagyna sebäp bolan Holokost, Bosniýa, Ruanda we Kamboçiýa gyrgynçylyklarynyň her biriniň halkara jemgyýetçiligine borçlaryny ýatladýan janly mysaldygyny beýan eden Prezident Erdogan, ýigrenç diskurslaryna garşy göreşmegiň diňe bir ejir çekenleriň däl, bütin adamzadyň borjudygyny ngytady.

Preizdent Erdogan Holokost, Bosniýa, Ruanda, Kamboçiýa ýaly tragediýalaryň gaýtalanmazlygy üçin halkara jemgyýetçiliginiň işe girişmelidigine ünsi çekip: “Hususanda digital platformalar we habar seriş serişdeleriniň täsiri bilen artan yslam duşmançylygynyň we daşary ýurtly garşydaşlygynyň öňi alynmaly” diýdi.

"weremember.gov.tr" internet saýtynda Holokost, Ruanda, Srebrenisa, Kamboçiýa ýaly gyrgynçylyklarda başdan geçirilenler maglumatlara, delilnamalara we wizual materiallar bilen gürrüň beriler.

Holokostda gurban bolan ýehudi we sygan halklarynyň wekilleriniň ýüzlenmelerine orun beriljek saýtda gyrgynçylyk hakynda çap edilen makala, kitap ýaly çeşmeler hem elýeterli bolar.

 



Degişli Habarlar