Prezident Erdogan: "Täze özgertme bukjalaryny ýakyn wagtda Mejlisiň garamagyna hödürläris" diýdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan: "Täze özgertme bukjalaryny ýakyn wagtda Mejlisiň garamagyna hödürläris" diýip habar berdi

1572162
Prezident Erdogan: "Täze özgertme bukjalaryny ýakyn wagtda Mejlisiň garamagyna hödürläris" diýdi

Ýurdyň Prezidenti we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy Rejep Taýýip Erdogan, taýarlyklary tamamlanyp barýan täze özgertme bukjalarynyň ýakynda Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň garamagyna hödürlenmäge başlanjakdygyny habar berdi. 

Prezident Erdogan TBMM-de Adalat ösüş partiýasynyň topariçi maslahatyna gatnaşdy. 

Prezident Erdogan: "Milletimiz bilen paýlaşylanda, bu özgertme teklipleriniň 2023-nji ýyla we ondan soňky ýyllara ýetjek örän berk we möhüm ugurlary özünde jemleýändigine göz ýetiriler" diýip belledi. 

Erdogan, çykyşynda, koronawirus epidemiýasyna garşy edilýän sanjymlaryň göwrüminiň giňeldilip, iň gysga wagtda halk köpçüligine ýetiriljekdigini mälim etdi. 

"Biziň esasy gün tertibimiz milletimiziň meselesidir" diýip bellän Erdogan: "Sanjymlaryň başlamagy bilen täze bir tapgyra geçdik. Häzirki wagta çenli 10 million sanjymy ýurdumyza getirdik. Dünýäniň ençeme ösen ýurdy sanjym tapyp bilmeýär. Şolar ýaly ýagdaýda. Biz bolsa gazanylan ylalaşyga laýyklykda 50 million sanjymyň 10 million sanysyny ýurdumyza getirdik" diýip habar berdi.

Prezident Erdogan ondan soň bolsa partiýasynyň merkezinde Adalat we ösüş partiýasynyň 7-nji nobatdaky Erzinjan, Erzurum welaýat kongreslerine göni aragatnaşyk arkaly gatnaşdy. 

Erdogan ol ýerde eden çykyşynda, her gün bu ýurt üçin arzuwlaryny amala aşyrmak üçin tagalla edýändiklerini belläp: "Ýudrumyzy, sebitimizi we dünýäni has howpsuz, has asuda ýagdaýa öwürip biljekdigimize serederis" diýip aýan etdi.

Erdogan energiýalaryny öz işlerini has özgertmek üçin ulanjakdyklaryny beýan etdi.

 


Etiketkalar: #sanjym , #özgertme , #bukja , #TBMM , #Erdogan

Degişli Habarlar