Türkiýe, Malide Guralan Terrorçylykly Hüjümi Ýazgardy

“Bu hyýanatçylykly hüjümi ýazgarýarys. Dost we doganlyk ýurt maliniň halkyna we hökümetine duýgudaşlyk bildirýäris"

1570926
Türkiýe, Malide Guralan Terrorçylykly Hüjümi Ýazgardy

 

Türkiýe, Malide guralan terrorçylykly hüjümi ýazgaryp, hüjümde ýogalanlar üçin gynanç bildirdi.

Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, Malide Boulkessi we Mondoro harby merkezlerine 24-nji ýanwarda guralan terrorçylykly hüjümde 6 esgeriň ýogalmagyna we birnäçe esgeriň ýaralanmagyna gynanç bildirilýändigi nygtaldy.

Beýannamada “Bu hyýanatçylykly hüjümi ýazgarýarys. Dost we doganlyk ýurt maliniň halkyna we hökümetine duýgudaşlyk bildirýäris. Hüjümde ýogalanlara Alladan rehnet dileýäris, hossarlaryna gynanç bildirýäris” diýildi.

Boulkessi we Mondoro harby merkezleri wagtal-wagtal terror guramalary tarapyndan nyşana alynýar.

2020-njy ýylyň mart aýynda Mondoroda guralan terrorçylykly hüjümde 5 esger ýogalypdy.

Boulkessi we Mondoro harby merkezlerine 2018-nji ýylda şol bir wagtda guralan hüjümlerde 40 esger ýogalypdy.



Degişli Habarlar