Sputnik V Sanjymynyň Türkiýede Öndürilmegi Üçin Ylalaşyk Gazanyldy

Degişli taýarlyklardan soň sanjymyň önümçiligine başlanar

1570792
Sputnik V Sanjymynyň Türkiýede Öndürilmegi Üçin Ylalaşyk Gazanyldy

Russiýanyň Gumilýewa adyndaky Milli epidemologiýa we mikrobiologiýa institutynyň öndüren “Sputin V” sanjymyny Türkiýede bilelikde öndürjek türk şärigi “VisCoran” derman senagaty firmasynyň Dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Öztürk Oran: “Tehnologiýa transferi we Saglygy goraýyş ministrligindäki proseduralar tamamlandan son sanjyma ulanyş şahadatnamasy alynar. Soň Türkiýede synag önümçiligi ediler we köpçülikleýin önümçilige geçiler” diýdi.

Oran rus sanjymynyň 20 ýyllyk barlagyň netijesidigini we Ebola hassalygy üçin taýarlanan işiň netijesidigini aýtdy.

Öztürk Oran “Sputnik W” sanjymynyň 3-nji tapgyr synagynyň 44 müň adamda geçirilendigini, netijeleriniň oňyndygyny we Russiýada häzirki wagta çenli 2 milliona barabar adamyň sanjymlanandygyny beýan etdi.

 



Degişli Habarlar