"Eren-4 Karlyowa-Warto" we "Eren-5 Bagok" operasiýalary başladyldy

Türkiýäniň Içeri işler ministrligi "Eren-4 Karlyowa-Warto" we "Eren-5 Bagok" atly operasiýalaryň başlandygyny habar berdi

1571179
"Eren-4 Karlyowa-Warto" we "Eren-5 Bagok" operasiýalary başladyldy

Içeri işler ministrligi tarapyndan berilen beýanatda, ekstremist terror guramasyna agza terrorçylar tarapyndan şehit edilen Eren Bülbüliň ýagty ýadygärligine bagyşlanyp 2021-nji ýylyň ilkinji günlerinde Eren operasiýalarynyň başladylandygy ýatladyldy. 

"Eren-1 Tendürek", "Eren-2 Lije" ve "Eren-3 Agry Dagy" atly operasiýalarynyň dowam edýändigi bellenen beýanatda: "Žandarma güýçleriniň desant toparlary, Žandarma güýçleriniň ýöriteleşdirilen toparlary, Polisiýa gullugynyň ýöriteleşdirilen toparlary we Howpsuzlyk goragçylaryndan ybarat jemi 1620 harby bilen Eren-4 Karlyowa-Warto atly operasiýasy, Žandarma güýçleriniň desant toparlary, Žandarma güýçleriniň ýöriteleşdirilen toparlary, Polisiýa gullugynyň ýöriteleşdirilen toparlary we Howpsuzlyk goragçylaryndan ybarat 2 müň 550 harbynyň gatnaşmagynda bolsa Eren-5 Bagok atly operasiýa başladyldy. Ýurdyň içinde terrory dolulygyna ortadan aýyrmak maksady bilen geçirilýän Eren operasiýalary, halkymyzyň goldawy bilen ynançly we tutanýerli ýagdaýda dowam edýär" diýip habar berildi.  



Degişli Habarlar