"Türk deňizçileri zamun alan deňiz garakçylaryndan entek habar ýok"

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly: "Türk deňizçileri zamun alan deňiz garakçylaryndan entek habar ýok" diýip habar berdi

1570593
"Türk deňizçileri zamun alan deňiz garakçylaryndan entek habar ýok"

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Gwineýa aýlagynda zamun alynan türk deňizçileri bilen baglanşykly deňiz garakçylarynyň hiç kim bilen aragatnaşyga geçmändigini habar berdi. 

Mewlüt Çawuşogly, TBMM-de metbugat ýygnagyny geçirdi. 

Mewlüt Çawuşogly: "Raýatlarymyza garşy hüjüm guraldy. 15 raýatymyz deňiz garakçylary tarapyndan zamun alyndy. Gämi arassa, howpsuzlyk bilen bagly hiç hili meselämiz ýok. Raýatlarymyzyň biri wakada ýaralandy, onuň saglyk ýagdaýy gowy" diýip mälim etdi. 

Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň, başyndan bäri mesele bilen ýakyndan gyzyklanýandygyny aýdan Mewlüt Çawuşogly: "Häzirki wagta çenli deňiz garakçylaryndan hiç hili habar gelmedi. Sebitiň ýurtlarynyň ählisi bilen aragatnaşyga geçdik" diýip aýan etdi. 

Liberiýa döwletiniň baýdagyny gterýän gämi, düýn Nigeriýanyň Lagos şäheriniň takmynan 180 uzaklygynda suw giňişliginde deňiz garakçylary tarapyndan hüjüme sezewar galypdy. 

Nigeriýanyň Lagos şäherinden Günorta Afrikanyň Keýptaun şäherine barýan gämidäki 19 adamlyk ekipaždan Azerbaýjanyň raýaty bolan 1 adam öldürilipdi, 15 adam bolsa zamun alynypdy. 

Halas bolan 3 deňizçi gämini düýn Gabonyň Jentil portyna eltipdi. 



Degişli Habarlar