Ibrahim Kalyn: "Egeý bilen birlikde ähli meseleleriň çözüwi mümkündir" diýdi

Ibrahim Kalyn, şu gün Stambulda grek wekiliýet bilen geçirilen gepleşikler bilen bagly: "Prezidentimiziň güýçli liderliginde Egeý bilen birlikde ähli meseleleriň çözüwi mümkindir we şonuň bilen bagly erkimiz bardyr" diýip belledi

1570779
Ibrahim Kalyn: "Egeý bilen birlikde ähli meseleleriň çözüwi mümkündir" diýdi

Prezidentiň Metbugat sekretary Ibrahim Kalyn, Türkiýe bilen Gresiýanyň wekiliýetleriniň arasynda Dolmabahşe köşgüniň iş ofisinde geçirilen gepleşikler bilen bagly Twitter hasabyndan beýanat berdi. 

Ibrahim Kalyn: "Türkiýe bilen Gresiýanyň arasynda eýýäm 4,5 ýyl bäri geçirilmeýän gepleşikler şu gün Stambulda başlady. Prezidentimiziň güýçli liderliginde Egeý bilen birlikde ähli meseleleriň çözüwi mümkindir we şonuň bilen bagly erkimiz bardyr. Sebitiň parahatçylygy we durnuklylygy ähli taraplaryň bähbidinedir" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar