Hytaýdan Ýene 6,5 Million Sanjym Geldi

10 million dozalyk inaktif sanjymlaryň 6,5 millionlyk birinji tapgyry Stambula getirildi.

1570181
Hytaýdan Ýene 6,5 Million Sanjym Geldi

 

Hytaýdan alynan täze görnüş koronawirusa garşy öndürlen sanjymlar gelmäge dowam edýär.

Kovid-19 sanjymlaryny alyp gelen THÝ-na degişli “TK 6175” saparyny amala aşyrýan “Boeing 777” kysymly uçar, Türkiýe wagty bilen 06.15-de Stambul howa menziline gondy.

Hytaýyň paýtagty Pekindäki howa menzilinden düýn gije uçan uçaryň Stambula gonmagy bilen konteýnerlerdäki sanjymlar gümrük işlerinden soň ammarlara daşalmaga başlandy.

Uçar bilen 10 million dozalyk inaktif sanjymlaryň 6,5 millionlyk birinji tapgyry Stambula getirildi.


Etiketkalar: #Hytaý , #koronawirus , #sanjym

Degişli Habarlar