Erdogan: "Şu günki güne çenli näme eden bolsak millet bilen bilelikde ýerine ýetirdik" diýdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, şu günki güne çenli näme edilen bolsa millet bilen bilelikde ýerine ýetirendiklerini habar berdi

1570494
Erdogan: "Şu günki güne çenli näme eden bolsak millet bilen bilelikde ýerine ýetirdik" diýdi

Ýurdyň Prezidenti we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy Rejep Taýýip Erdogan, partiýasynyň Stambul welaýat şahamçasyndan Adalat we ösüş partiýasynyň 7-nji nobatdaky Denizli, Mersin, Uşak welaýat kongreslerine göni wideo aragatnaşyk arkaly gatnaşdy.

Erdogan, ol ýerde eden çykyşynda, Türkiýe üçin, Respublika taryhynda ýerine ýetirilen işleriň ençeme essesini diňe 18 ýylda ýerine ýetirmekden buýsanç duýandyklaryny beýan etdi.  

Ähli ugurlar boýunça Türkiýäniň täze döwüre gadam basandygyny aýdan Erdogan: "Terrora guramasyna garşy göreşden, serhetlerimiziň howpsuzlygyny üpjün etmäge, kynçylyk çekýän ähli adamlara ýardam elini uzatmaga çenli mertebeli we tutanýerli syýasatlarymyz bilen ýurdumyzyň abraýyny artdyrdyk. Her bir raýatymyzyň ýaşaýyş durmuşyny ýokarlandyrdyk. Üstünligimiziň arkasynda bu buýsanç görkezijileri bardyr" diýip belledi. 

Prezident Erdogan ol ýerde eden çykyşynda: "Şu günki güne çenli näme eden bolsak millet bilen bilelikde ýerine ýetirdik. Nämäniň hötdesinden gelen bolsa milletimiziň saýasynda boldy. Türkiýäni 2023-nji ýyldaky maksatnamalaryna, 2053-nji ýyldaky maksatlaryna ýetirmegi ýene-de milletimiz bilen bile amala aşyrarys. Düýp temasy ynsan bolan syýasatyň ýeri 83 million raýatymyzyň köňlüdir. Ilki bilen köňülleri gazanarys, soň bolsa ses isläris" diýip belledi. 


Etiketkalar: #Türkiýe , #Erdogan

Degişli Habarlar