Erdogan Hüjüme Sezewar Bolan Gäminiň Kapytany Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Prezident Erdogan, garakçylaryň hüjümine sezewar bolan gäminiň kapytanlaryndan Furkan Ýaren bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

1570163
Erdogan Hüjüme Sezewar Bolan Gäminiň Kapytany Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

 

Prezident Erdogan Garakçylaryň Hüjümine Sezewar Bolan Gäminiň Kapytany Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Prezident R. T. Erdogan, Nigeriýanyň golaýynda garakçylaryň hüjümine sezewar bolan gäminiň kapytanlaryndan Furkan Ýaren bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Kommunikasiýalar edrasyndan berlen beýannama görä, mesele bilen ýakyndan gyzyklanýandyklaryny aýdan Erdogan, Gabona baran gäminiň hüjümden halas bolan 3 hünärmeniniň saglyk ýagdaýy hakynda maglumat aldy.

Prezident Erdogan, zamun alynan gäminiň hünärmenleriniň boşadylmagy üçin hem uly tagalla edilýändiklerini aýtdy.

Beýleki tarapdan Türkiýäniň Gabondaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nilüfer Erdem Kaýgysyz, deňiz garakçylary tarapyndan zamun alunan “Mozart” atly türk konteýner gämisiniň halas bolan 3 ekipažy bilen duşuşdy.

Liberýanyň baýdagyny göterýän “Mozart” atly gämi, düný Nigerýanyň Lagos şäheriniň 180 mil golaýynda deňiz garakçylarynyň hüjümine sezewar bolupdy.

Nigeriýanyň Lagos şäherinden Günorta Afrika tarap barýan gämidäki 19 adamlyk ekipaždan Azerbaýjanyň raýaty bolan 1 adam öldürlipdi, 15 adam zamun alnypdy.

Halas bolan 3 adam düýn Gabonyň Gentil portuna getirlipdi.



Degişli Habarlar