Erdogan: "Döwlet raýatlaryň bagtyýarlygy bilen bagtyýar bolar" diýdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Türkiýede soňky 8-9 ýylda 1,5 million ýaşaýyş jaýynyň özgertmelerini tamamlap, 6 million adamyň janlaryny we emläklerini kepillik astyna alandyklaryny habar berdi

1570756
Erdogan: "Döwlet raýatlaryň bagtyýarlygy bilen bagtyýar bolar" diýdi

Prezident Erdogan, Elazygdaky ýer titremede ýogalan adamlaryň ýagty-ýadygärligine bagyşlanyp geçirilen hatyralama çäresine we ýaşaýyş jaýlaryň açarlarynyň gowşurylyş dabarasyna gatnaşdy. 

Prezident Erdogan: "Döwlet ýük däldir, döwlet ýükleri öz üstüne alar. Döwlet raýatlaryň bagtyýarlygy bilen bagtyýar bolar" diýip belledi. 

Erdogan, mundan soň ähli taslamalarda gorizontal binagärçiligi durmuşa geçirjekdiklerini belläp: "Wertikal binagärçilik esasan hem ýer titreme zolagynda biz üçin öz janyňa kast etmek diýmekdir" diýip beýan etdi. 


Etiketkalar: #Elazyg , #Erdogan

Degişli Habarlar