Erdogan: "Beýik we güýçli Türkiýäniň gurluşygy tamamlanýança çenli durmarys, säginmeris" diýdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan: "Beýik we güýçli Türkiýäniň gurluşygy tamamlanýança çenli durmarys, säginmeris" diýip belledi

1568342
Erdogan: "Beýik we güýçli Türkiýäniň gurluşygy tamamlanýança çenli durmarys, säginmeris" diýdi

Ýurdyň Prezidenti we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy Rejep Taýýip Erdogan, Adalat we ösüş partiýasynyň welaýat başlyklarynyň maslahatyna göni aragatnaşyk arkaly gatnaşdy. 

"Geçen ýyly koronawirus epidemiýasynyň täsiri astynda geçirmegimize garamazdan, maýa goýumlarda we býujet meýilnamalarynda gowy netijeler bilen ýapdyk" diýip aýdan Rejep Taýýip Erdogan: "Nesip bolsa 2021-nji ýylda hem has uly görkezijilere eýe bolmagy maksat edinýäris" diýip habar berdi.  

Prezident Erdogan: "Adaty hyzmat beriş infrastrukturadan goranyş senagatyna çenli ähli ugurlar boýunça maksatlarymyzy durmuşa geçirip biljek derejä ýetendigimize ynanýaryn" diýip belledi. 

Erdogan: "Soňky 18 ýylda ýola goýan güýçli infrastruktura we guran syýasay arhitekturamyzyň saýasynda ýurdumyzy täze global düzgünde hak eden ýerine ýetireris" diýip mälim etdi. 


Etiketkalar: #infrastruktura , #Erdogan

Degişli Habarlar