Türkiýe Sanjym Tapgyrynda İlkinji 10 Ýurduň Hatarynda
4 gününde 1 milliona golaý adama sanjym edilmegine garaşylýar
Türkiýe 2-3 günde täze görnüş koronawirusa garşy eden sanjymlary bilen iň köp sanjym edilen ilkinji 10 ýurduň hataryna goşuldy.
Türkiýede 14-nji ýanwarda başlan sanjym tapgyry güýçli depginde dowam edýär.
Türkiýe 2-3 günde eden sanjymlary bilen birnäçe wagt ozal sanjym tapgyryna başlan Fransiýa, Daniýa we Argentina ýaly ýurtlardan öňe geçdi.
Türkiýe sanjym tapgyrynda dünýäde ilkinji 10 ýurduň hatarynda durýar.
Sanjymlar hepdäniň ahyrynda hem 81 welaýatda dowam edýär.
Şeýlelikde sanjym tapgyrynyň ilkinji 4 gününde 1 milliona golaý adama sanjym edilmegine garaşylýar.
Degişli Habarlar
Türkiye, Çiliniň kararyna reaksiýa bildirdi
Türkiye, Çiliniň 1915-nji ýyldaky wakalary "genosid" hökmünde ykrar eden kararyna reaksiýa bildirdi
TRT-niň Ispan Dilindäki Digital Ýaýlymlary Başlaýar
Ertir TRT-niň Ispan dilindäki digital ýaýlym platformasy tanyşdyrlar