Türkiýede 644 Müň Adama Koronawirus sanjymy Edildi

Sanjym tapgyry güýçli depginde dowam edýär.

1564765
Türkiýede 644 Müň Adama Koronawirus sanjymy Edildi

Hytaýdan gelen CoronaVac sanjymy ilkinji nobatda saglygy goraýyş işgärlerine edilýär.

Sanjym tapgyry güýçli depginde dowam edýär.

Häzire çenli 644 müň saglygy goraýyş işgärine sanjym edildi.

Saglygy goraýyş ministrliginiň görkezijilerine görä, Türkiýede 1 millon 100 müň saglygy goraýyş işgari bar.

Sanjymlar hakyndaky doly maglumatlar Saglygy goraýyş ministrliginiň "https://covid19asi.saglik.gov.tr" salgysynda ýer alýar.

Prezident R. T. Erdogan bilen Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja kameralaryň öňünde koronawirus sanjymyny etdirdi.

Hytaýdan gelen 3 million CoronaVac sanjymynyň ikinjisi 28 gün soň ediler.


Etiketkalar: #Hytaý , #koronawirus , #sanjym

Degişli Habarlar