Prezident Erdogan, Italiýanyň Premýer Ministri Konte Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Erdogan bilen Konte Türkiýe bilen Italiýanyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň ösdürilmegi hakynda pikir alyşdy

1564675
Prezident Erdogan, Italiýanyň Premýer Ministri Konte Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Prezident R. T. Erdogan, Italiýanyň Premýer ministri Konte bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Erdogan bilen Konte telefon söhbetdeşliginde, Türkiýe bilen Italiýanyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň ösdürilmegi bilen birlikde sebitara meseleler hakynda pikir alyşdy.

Prezident Erdogan, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklara uly ahmiýet berýändiklerini nygtady, epidemiýanyň şertlerine görä gysga wagtda Italiýa bilen üçinji hökümetara maslahatyň Türkiýede geçirilmegini isleýändiklerini belledi.

Italiýanyň, ÝB-de Türkiýä berýän goldawlary üçin sagbolsun aýdan Prezident Erdogan, Italiýanyň ÝB-ni Gündogar Ortaýer deňizi meselesinde adalatly tutum alyp barmaklary üçin gönükdirjekdigine ynanýandygyny belledi.



Degişli Habarlar