Prezident Erdogan Koronawirus Sanjymyny Etdirdi

Erdogan Telegramdan beren habarnamasynda “Benem sanjym etdirdim” diýdi

1563887
Prezident Erdogan Koronawirus Sanjymyny Etdirdi

Türkiýäniň koronawirusa garşy göreşi dowam edýär

Soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli çekilen adam pidasy 170 boldy.

Epidemiýanyň başyndan bäri aradan çykan raýatlaryň sany 23 müň 495 adama ýetdi.

24 sagadyň dowamynda 169 müň  847 adam testden geçirilip, ýene-de 958 adama koronawirusyň ýokaşandygy  anyklandy.

Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 8 müň 962 adama ýetdi

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan 9 müň 11 adam bilen birlikde, jemi sagalan raýatlaryň sany 2 million 236 müň 938 adama ýetdi.

Beýleki tarapdan Prezident R. T. Erdogan, Ankara Şäher keselhanasynda koronawirus sanjymyny etdirdi.

Erdogan Telegramdan beren habarnamasynda “Benem sanjym etdirdim” diýdi.



Degişli Habarlar