Ministr Süleýman Soýlu Efiopiýanyň Söwda ministri bilen duşuşyk geçirdi

Soýlu, resmi sapar bilen Türkiýä gelen Efiopiýanyň Söwda ministri Melaku Alebel bilen ýurdyň paýtagty Ankara şäherinde duşuşyk geçirdi

1563861
Ministr Süleýman Soýlu Efiopiýanyň Söwda ministri bilen duşuşyk geçirdi

Türkiýäniň Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, Türkiýe bilen Efiopiýanyň arasynda ikitaraplaýyn söwda we ykdysady gatnaşyklaryň özgerip dowam etmegi üçin hukuk taýdan infrastrukturanyň tamamlanmagyna uly ähmiýet berýändiklerini habar berdi. 

Türkiýäniň Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, resmi sapar bilen Türkiýä gelen Efiopiýanyň Söwda ministri Melaku Alebel bilen ýurdyň paýtagty Ankara şäherinde duşuşyk geçirdi. 

Geçirilen ikiçäk we toparara gepleşiklerden soň, Soýlu we Alabel Içeri işler ministrliginiň maslahatlar zalynda geçirilen Türkiýe-Efiopiýa 8-nji Döwürleýin Bilelikdäki Ykdysady komissiýanyň gol çekişlik dabarasyna geçdiler. 

Süleýman Soýlu, gol çekişlik dabarasyndan ozal beren beýanatynda, maslahat bilen birlikde ençeme ugur boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary gözden geçirip, gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik tapandyklaryny habar berdi. 

Efiopiýanyň Söwda ministri Melaku Alebel hem öz gezeginde iki ýurdyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň dowam etmelidigini belläp: "Geçen 20-25 ýyl örän möhüm bir döwürdi. Şol wagt aralygynda bilelikde maslahatlar geçirdik, işler amala aşyrdyk. Gazanan ylalaşyklarymyz bilen örän uly sepgide ýetdik. Iki ýurdyň arasynda söwda we ykdysady gatnaşyklar barha artdy. Siziň goldawyňyz saýasynda 200 million adamyň bolan bir bazara ýetdik. Mundan soň ondan hem uly bazara geçmegi maksat edinýäris" diýip belledi. 



Degişli Habarlar