Mewlüt Çawuşogly Türkiýe-ABŞ gatnaşyklary barada beýanat berdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, hemleli we sanksiýa diliniň, Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklarda ýeriniň bolmandygyny belledi

1563629
Mewlüt Çawuşogly Türkiýe-ABŞ gatnaşyklary barada beýanat berdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Global žurnalistler geňeşiniň ýaýlym organy bolan Global Media žurnalyna beren beýanatynda, Türkiýäniň we ABŞ-nyň arasynda ikitaraplaýyn bähbitlere we umumy gymmatlyklara esaslanýan berk we wagty bilen synagdan geçen hyzmatdaşlyga eýedigini belledi. 

Mewlüt Çawuşogly, ABŞ-nyň ozal bolşy ýaly bitarap pozisiýasyna bagly galan ýagdaýynda Gündogar Ortaýer deňizi ýaly sebitleýin meselelerde konstruktiw rol eýeläp biljekdigini habar berdi. 

ABŞ-nyň FETÖ we ÝPG ýaly terror guramalary bilen inersiýasynyň ýa-da hyzmatdaşlygynyň Türkiýäniň milli howpsuzlygyna gönüden täsiriniň bardygyny aýdan Mewlüt Çawuşogly, ABŞ-nyň täze hökümetiniň bu babatda gyssagly ýagdaýda herekete geçmäge çagyrdy.  

Mewlüt Çawuşogly: "Islendik ýagdaýda dialog we diplomatiýa bilen düşünişmezçilikleriň hötdesinden gelip boljakdygyna ynanýarys. Hemle we sanksiýa diliniň bular ýaly möhüm gatnaşyklarda ýeri ýokdyr" diýip nygtady.

Mewlüt Çawuşogly ABŞ-nyň hökümetiniň Türkiýä garşy kabul eden sanksiýa kararyny hem ýazgardy.



Degişli Habarlar