Häzire Çenli 100 Müňden Gowrak Saglygy Goraýyş Işgärine Sanjym Edildi
Saglygy goraýyş ministri Koja, Türkiýede gyssagly ulanylmagyna rugsat berlen CoronaVac sanjymy barada maglumat berdi
Hytaýda öndürlen CoronaVac sanjymynyň gyssagly ulanylmagyna rugsat berilmeginden soň sanjym tapgyry başlady.
Saglygy goraýyş ministri Koja, Twitterden beren habarnamasynda, Türkiýede gyssagly ulanylmagyna rugsat berlen CoronaVac sanjymy barada maglumat berdi.
Ministr Fahrettin Koja, sanjym tapgyrynyň saglygy goraýyş işlerinden başlanandygyny we häzire çenli 100 müňden gowrak saglygy goraýyş işgärine sanjym edilendigini aýtdy.
Ministr Koja “Şu gün sanjym tapgyry başlady. Häzire çenli 1-nji sanjymy etdiren saglygy goraýyş işgärleriniň sany 100 müňden geçdi. Türkiýe sanjym meýilnamasyny durmuşa geçirmek üçin güýçli infstruktura eýe. Bu güýje ynanýan, goldaw berýän her bir adama sagbolsun aýdýaryn” diýdi.
Fahrettin Koja, sanjym edilen saglygy goraýyş işgärleriniň sany barada "https://covid19asi.saglik.gov.tr/"salgysyndan doly maglumat alynyp bilinjekdigini belledi.
Degişli Habarlar
Daşary Işler Ministri Fidan Efiopiýaly Kärdeşi Bilen Duşuşdy
Hakan Fidan Ankarada Efiopiýanyň Daşary işler ministri Taýe Atske Selassie bilen duşuşdy