“DKTR-nyň Esaslandyryjysy we Ilkinji Prezidenti Rauf Denktaşy Ýatdan Çykarmarys"

Prezident Erdogan, Rauf Denktaşy aradan çykan gününiň 9-njy ýylynda hatyralady

1563258
“DKTR-nyň Esaslandyryjysy we Ilkinji Prezidenti Rauf Denktaşy Ýatdan Çykarmarys"
TBMM BAŞKANI MUSTAFA ŞENTOP1.jpg

 

Prezident R. T. Erdogan, Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Esaslandyryjy Prezidenti Rauf Denktaşy aradan çykan gününiň 9-njy ýylynda hatyralady.

Erdogan Telegramdan beren habarnamasynda “DKTR-nyň esaslandyryjysy we ilkinji prezidenti, ömrüni kipr türk halkynyň göreşine bagyşlan Rauf Denktaşy ýatdan çykarmarys. Aradan çykan gününin 9-njy ýylynda 2004-nji ýylda alynan bir foto surat bilen, Rauf Beýi uly hormat hatyralaýaryn” diýdi.

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Mustafa Şentop hem “Kipr gowgasynyň öňbaşçysy, DKTR-nyň esaslandyryjy prezidenti merhum Rauf Denktaşy aradan çykan gününde uly hormat bilen hatyralaýaryn. DKTR öz barlygyny dowam etdirer” diýip belledi.



Degişli Habarlar