Türkiýe Ysraýylyň täze ýaşaýyş ýerlerini gurmak bilen bagly karary barada beýanat berdi

Türkiýe Ysraýylyň Günbatar Şeriada goşmaça 850 ýaşaýyş jaýynyň gurluşygyny tassyklajakdygy baradaky beýanatyna alada bildirýändigini habar berdi

1562466
Türkiýe Ysraýylyň täze ýaşaýyş ýerlerini gurmak bilen bagly karary barada beýanat berdi

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, Ysraýylyň bikanun ýaşaýyş ýerleriniň gurlyşygynyň çaltlandyrmagy bilen baglanşykly: "Ysraýylyň Günbatar Şeriada goşmaça 850 ýaşaýyş jaýynyň gurluşygyny tassyklajakdygy baradaky beýanatyna alada bildirýäris" diýip mälim edildi. 

Beýanatda şol ädimlerini Ysraýylyň ABŞ-nyň täze hökümetiniň wezipä başlamagyndan ozal çaltlandyrmagy bikanun aksiýalarynyň soňky mysalyny emele getirýändigi bellenip: "Ysraýylyň täze ýaşaýyş jaý gurluşyklary bilen geografik bütewiligine eýe garaşsyz we özygtyýarly Palestina döwletiniň gurulmagyna päsgel bermek we iki döwletli çözgüt ähtimallygyny ortadan aýyrmak bilen baglanşyklydygy aýdyňdyr. Halkara jemgyýet, BMG-nyň kararlary başda bolmak bilen halkara hukugy äsgermän edilýän bu aksiýalary bes etdirmek üçin Ysraýyla gerek bolan basyşy etmäge we öjükdiriji hereketlerine garşy durmaga çagyrýarys" diýip nygtaldy. 

Ysraýylyň resmileriniň öňümizdäki hepde jöhit ýaşaýyş ýerleri üçin Günbatar Şeriada goşmaça 850 ýaşaýyş jaýynyň gurulmagy bilen karary tassyklajakdygy habar berilipdi. 



Degişli Habarlar