Ilkinji “CoronaVac” Sanjymy Saglygy Goraýyş Ministri Fahrettin Koja Edildi

Soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli çekilen adam pidasy 173 boldy

1563117
Ilkinji “CoronaVac” Sanjymy Saglygy Goraýyş Ministri Fahrettin Koja Edildi

Türkiýäniň koronawirusa garşy göreşi dowam edýär

Epidemiýanyň başyndan bäri aradan çykan raýatlaryň sany 23 müň 325 adama ýetdi.

24 sagadyň dowamynda 173 müň  603 adam testden geçirilip, ýene-de 971 adama koronawirusyň ýokaşandygy  anyklandy.

Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 9 müň 554 adama ýetdi

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan 9 müň 463 adam bilen birlikde, jemi sagalan raýatlaryň sany 2 million 227 müň 927 adama ýetdi.

Beýleki tarapdan Türkiýde ertir koronawirusa garşy sanjymlama başlaýar.

Gyssagly ulanylmagyna rugsat berilmeginden soň ilkinji “CoronaVac” sanjymy Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja edildi.

“Epidemiýanyň öňi alynýança sanjym ediler, çäreler we çäklendirmeler dowam eder” diýen ministr Koja: “Her bir raýatymyzyň hökmany suratda sanjym etdirmelidigini nygtasym gelýär. Durmuşymyzyň kadalaşmagy üçin hökmany suratda sanjym etdirilmeli” diýdi.



Degişli Habarlar