Mewlüt Çawuşogly Pakistanda saparda bolýar

Mewlüt Çawuşogly 2 günlik resmi sapar bilen Pakistanyň paýtagty Yslamabad şäherine gitdi

1562666
Mewlüt Çawuşogly Pakistanda saparda bolýar

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly ilki bilen Pakistanyň Prezidenti Arif Alwi tarapyndan kabul edildi. 

Arif Alwi, Jinnah zalynda geçirilen dabarada Mewlüt Çawuşoglyna "Hilali Pakistan" nyşanyny gowşurdy. 

Mewlüt Çawuşogly geçiren duşuşygy bilen baglanşykly özüniň hasabyndan beýanat berip: "Prezident Arif Alwa Prezidentimiz Rejep Taýýip Erdoganyň salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdik. Pakistan biziň 2-nji öýümiz. Ajaýyp gatnaşyklarymyzy has hem ösdüreris. Hilali Pakistan nyşanyny uly buýsanç bilen götererin. Ýaşasyn Türkiýe-Pakistan doganlygy" diýip belledi. 



Degişli Habarlar