Mewlüt Çawuşoglu, ABŞ-nyň Söwda Ministri Ross Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Çawuşoglu bilen Ross iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklar hakynda pikir alyşdy

1562410
Mewlüt Çawuşoglu, ABŞ-nyň Söwda Ministri Ross Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu, ABŞ-nyň Döwda ministri Wilbur Ross bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Diplomatik töwerekleriň berýän maglumatyna görä, ABŞ-nyň Döwda ministri Wilbur Ross bilen Daşary işler ministri Çawuşoglu telefon söhbetdeşliginde iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklar hakynda pikir alyşdy.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu mundan başgada düýn agşam Horwatiýanyň Daşary işler ministri Gordan Radman bilen hem telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

 



Degişli Habarlar