Erdogan:“Ýurdumyzy 2023 maksatlaryna ýetirmän durmak, säginmek, boş geçirmek haramdyr”

Prezident Rejep Taýýip Erdogan: “Ýurdumyzy 2023 maksatlaryna ýetirmän durmak, säginmek, boş geçirmek haramdyr” diýip belledi

1562928
Erdogan:“Ýurdumyzy 2023 maksatlaryna ýetirmän durmak, säginmek, boş geçirmek haramdyr”

Ýurdyň Prezidenti we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy Rejep Taýýip Erdogan, partiýasynyň 7-nji nobatdaky Kyrşehir, Kyrykkale, Ýozgat, Siwas welaýat kongreslerine Prezidentiň kompleksinden göni aragatnaşyk arkaly gatnaşdy. 

Çykyşynda, koronawirus epidemiýasy sebäpli arakesme berilen kongreslere şu günden başlap ýaňadandan geçirmäge başlandyklaryny aýdan Erdogan: "Maksadymyz fewral aýynyň soňky günlerinde meýilleşdirdigimiz Izmir, Ankara we Stambul kongresleri bilen birlikde bu tapgyry tamamlamakdyr" diýip habar berdi. 

2023-nji ýyldaky saýlawlarda hem mejlisde köpçülik bolup wekilçilik ediljekdiklerini, hem-de Prezident saýlawynda ýaňadandan üstünlik gazanjakdyklaryny aýdan Erdogan: "Ýurdumyzy 2023 maksatlaryna ýetirmän durmak, säginmek, boş geçirmek haramdyr" diýip belledi. 

"Bizi ne terror guramalarynyň hyýanatçylyklary, ne guýrugynyň ajysy bilen ýurdumyza hüjüm edýänleriň oýunlary ne-de öňümizde goýulan duzaklar ýadadar" diýen Erdogan: "Biz ählisiniň hötdesinden geldik, mundan soň hem geleris" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar