Erdogan Bilen Putin Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Putin, Moskwada Daglyk Garabag meselesinde geçirlen üçtaraplaýyn maslahat hakynda Prezident Erdogana maglumat berdi

1563042
Erdogan Bilen Putin Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, Moskwada Daglyk Garabag meselesinde geçirlen üçtaraplaýyn maslahat hakynda Prezident R. T. Erdogana maglumat berdi.

Erdogan bilen Putin şu gün telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, iki lider telefon söhbetdeşliginde özara gatnaşyklar, Daglyk Garabag meselesinde başdan geçirlen soňky wakala we türk-rus gözegçilik merkezleri hakynda pikir alyşdy.

Prezident Erdogan, telefon söhbetdeşliginde, Türkiýäniň sebitde durnuklylygyň we howpsyzlygyň üpjün edilmegi üçin ähli taraplaýyn goldaw berjekdigini nygtady.

Erdogan Daglyk Garabagda, azerbaýjanlylaryň we ermenileriň, parahatçylyk güýjü bolmazdan hem asuda ýagdaýda ýaşamaklary üçin amatly şertiň döredilmegini isleýändiklerini nygtady.



Degişli Habarlar