"Maksimalist Kartalaryň Üsti Bilen Ýurdumyzy Kenaryna Gabamak Üçin Edilýän Tagallalara Garşydyrys"

Prezident Rejep Taýýip Erdogan: "Hiç bir esasa daýanmaýan maksimalist kartalaryň üsti bilen ýurdumyzy kenaryna gabamak üçin edilýän tagallalara garşy çykýarys" diýip belledi

1562183
"Maksimalist Kartalaryň Üsti Bilen Ýurdumyzy Kenaryna Gabamak Üçin Edilýän Tagallalara Garşydyrys"

Prezident Erdogan, paýtagt Ankara şäherindäki Çankaýa köşgünde  Ýewropa ýurtlarynyň Ankara şäherindäki ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. 

Bileleşik raýdaşlygy bahanasynyň arkasyna sygynyp Türkiýe-Ýewropa Bileleşigi gün tertibiniň hyýanatçylykly peýdalanylandygyny aýdan Erdogan: "Bu pozisiýa bir tarapdan berk gatnaşyklarymyzy zamun alan bolsa, beýleki tarapdan Bileleşigiň sebitleýin we global güýç bolmak ugrundaky göreşini gowşadýar. Gündogar Ortaýer deňizini bir bäsleşik meýdany bolmakdan çykaryp, uzak möhletleýin bähbitlerimize hyzmat etjek hyzmatdaşlyk ugruna öwürmelidiris" diýip habar berdi. 

"Gresiýany dartgynlygy artdyrjak hereketlerinden ýüz öwürmäge çagyrýarys" diýip bellän Erdogan, geňeşmeleriň täze bir eýýamyň habarçysy boljakdygyna ynanýandygyny beýan etdi. 

Soňky wagtlarda ÝB-nyň Kipr türk tarapy bilen hiç hili aragatnaşygynyň bolmandygyna ünsleri çeken Rejep Taýýip Erdogan: "ÝB Kipr meselesiniň çözüwinde nähili ýeňilleşdiriji rol oýnap biler. Türkiýäniň we DKTR-nyň içinde bolmadyk isledik deňlemeden Ortaýer deňizinde parahatçylygyň bolmajakdygyna göz ýetirildi. Kiprde şowsyz nusgalary ýaňadandan maslahatlaşmagyň ýerine, täze we hakykatçyl alternatiwalary ara alyp maslahatlaşmalydyrys" diýip mälim etdi. 

Çykyşynda Ýewropadaky yslamafobik çemeleşmeleriň hem üstünde durup geçen Prezident Erdogan: "Yslam duşmançylygy Ýewropada ýaşaýan 6 milliona golaý raýatymyzyň howpsyzlygyna wehim salmak bilen birlikde, Ýewropanyň gymmatlyklary taýdan hem uly bir gara köwege öwrülip barýar" diýdi. 

Erdogan Türkiýe-ÝB gatnaşyklary barada bolsa: "Ýurdumyz uzak möhletleýin nukdaýnazar bilen oňyn güntertip döretmek we gatnaşyklarymyzy ýaňadandan dikeltmek üçin taýardyrys. Ýurdumyzyň 60 ýyla ýeten agzalyk etaby nähili ýagdaýda biz üçin strategik bir göçüm bolýan bolsa, Ýewropa BIleleşiginiň ýurdumyzy doly agza hökmünde kabul etmegi hem bileleşigiň gelejegi taýdan ontologiki göçüm bolar. Breksit bilen artan näbellilik, diňe Türkiýäniň Ýewropa maşgalasynda hak eden ýerini almagy bilen hötdesinden gelinip biliner" diýip habar berdi. 

Çykyşynda gümrük Bileleşigi ylalaşygynyň täzelenmeginiň gerekdigini hem aýdan Erdogan: "Bosgun babatynda üýtgeýän hakykatlary göz öňüne aljak, gatnaşyklarymyza ynam we goltgy berjek ýagdaýda baglaşmalydyrys" diýip belledi. 

Türkiýäniň terrora garşy göreşinde hiç bir NATO agzasyny ýalňyz goýmandygyny ýatladan Erdogan: "Onda näme sebäpli NATO, beýleki ýurtlary, bizi ýalňyz goýarka?" diýip sorag berdi. 

Prezident Erdogan koronawirus epidemiýasy bilen bagly bolsa: "Adamlaryň üstünde geçirilýän synaglar tapgyrynda bolan ýerli sanjymlarymyzy gerek bolan tassyklama işlerinden soň, milletimiziň we bütin adamzadyň hyzmatyna hödürläris" diýip nygtady. 


Etiketkalar: #Ýewropa , #Erdogan

Degişli Habarlar