Koronawirusa Garşy Sanjym Tapgyry Hepdäniň Ahyryna Çenli Başlar

Prezident Erdogan, Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň metbugata beýannama berdi

1561707
Koronawirusa Garşy Sanjym Tapgyry Hepdäniň Ahyryna Çenli Başlar

 

Prezident R. T. Erdogan, täze görnüş koronawirusa garşy sanjym tapgyrynyň hepdäniň ahyryna çenli başlajakdygyny aýtdy.

Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň metbugata beýannama beren Prezident Erdogan, täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garşy göreşde ýetilen soňky sepgit hakynda maglumat berdi.

Erdogan, wirus sebäpli ýogalýanlaryň we Kowid-19-a ýoluganlaryň sanynyň azalýandygyna ünsi çekdi.

Koronawirusa garşy göreşde her bir adamyň jogapkärçilikli hereket etmeginiň ähmiýetine ýene-de bir gezek nygtan Erdogan, Hytaýda öndürlen 3 million sanjymyň Türkiýä getirlendigini, synaglaryň tamamlanmagy bilen birlikde nobatyna görä, penşenbe ýa-da anna güni sanjym tapgyrynyň başlajakdygyny aýtdy.

Prezident Erdogan “Wirusa ýoluganlaryň sanynyň belli bir çäge gelmeginden soň koronawirusa garşy girizilen çäklendirmeler elbetde tapgyrlaýyn azaldylar” diýip belledi.

 



Degişli Habarlar