Erdogan: "Özüni we taryhyny bilýän ýaşlar ýetişdirmeden gelejege ynamly garap bilmeris" diýdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan: "Özüni we taryhyny bilýän ýaşlar ýetişdirmeden gelejege ynamly garap bilmeris" diýdi

1562025
Erdogan: "Özüni we taryhyny bilýän ýaşlar ýetişdirmeden gelejege ynamly garap bilmeris" diýdi

Prezident Erdogan, paýtagt Ankarada "Spordyň Milli görnüşleriniň Ýaşlar we sport klubynyň açylyş dabarasynda" çykyş etdi. 

"Biz köklerimize, taryhymyza, medeniýetimize eýe çykyp, geçmişden gelejege bir köpri gurmak üçin tagalla edýäris" diýip bellän Erdogan, spordyň milli görnüşlerini janlandyrmak ugrunda tagalla edýän mahalymyz medeni we taryhy gymmatlyklarymyzy hem täze nesillere ýetirmegi maksat edinýändiklerini mälim etdi. 

Prezident Erdogan, çagalarymyzy spordyň ata münmek, göreş, ok atmak ýaly ugurlaryna ugrukdyrýan mahalymyz, aslynda olary taryhyna eýe çykmaga çagyrýandyklaryny nygtap: "Ençeme ýylyň ahmallygyny ortadan aýyrjak, spordyň milli görnüşlerini tanyşdyrjak, çagalarymyzyň taryhyna eýe çykmagyny üpjün etjek islendik tagalla goldaw berýäris. Özüni bilýän, taryhyny bilýän, medeniýetini bilýän, ynançly, ahlakly, mertebeli ýaşlar ýetişdirmeden gelejegimize ynamly garap bilmeris" diýip beýan etdi. 


Etiketkalar: #Ankara , #sport , #Erdogan

Degişli Habarlar