Daşary Işler Ministri: "Kipr Meselesine Iki Döwletli Çözgüt Gerek"

Mewlüt Çawuşogly, Kiprde özygtyýarly deňligiň maslahatlaşylmagynyň we iki döwletli çözgüdiň gerekdigini belledi

1561373
Daşary Işler Ministri: "Kipr Meselesine Iki Döwletli Çözgüt Gerek"

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, DKTR-nyň Daşary işler ministri Tahsin Ertugrulogly bilen paýtagt Ankara şäherinde duşuşyk geçirenlerinden soň, metbugat ýygnagyna gatnaşdy. 

Mewlüt Çawuşogly Kipr meselesi bilen bagly: "Özygtyýarly deňligiň maslahatlaşylmagy we iki döwletli çözgüt gerek" diýip belledi. 

Gresiýa deslapky gepleşikleriň geçirilmegi barada çagyryş beren Mewlüt Çawuşogly: "Ýanwar aýynda ilkinji maslahaty geçirmek üçin Gresiýa deslapky gepleşikleri geçirmäge çagyrýarys" diýip nygtady. 

DKTR-nyň Daşary işler ministri Tahsin Ertugrulogly bolsa öz gezeginde: "Kipr meselesinde jemgyýetler arasy gepleşikler tamam boldy. Federasiýa bilen bagly gepleşikler geçirmeris" diýip beýan etdi. 



Degişli Habarlar