Diýarbakyrda Terrorçylar Bilen Bolan Çaknyşykda 1 Esger Şehit Boldy

Welaýatda operasiýalar dowam edýät

1560598
Diýarbakyrda Terrorçylar Bilen Bolan Çaknyşykda 1 Esger Şehit Boldy

 

Diýarbakyr welaýatynyň Lije etrabynda terrorçylar bilen bolan çaknyşykda 1 esger şehit boldy, 2 esger ýaralandy.

Içeri işler ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, Diýarbakyryň Lije etrabynda terrorçylar bilen bolan çaknyşykda agyr ýaralanan esgeriň hassahanada şehit bolandygy, 2 esgeriň hem ýaralanandygy nygtaldy.

Beýannamada welaýatda operasiýalaryň dowam edýändigi nygtaldy.

Beýannamada “Şehidimize Alladan rehnet, eziz halkymyza, şehidiň hossarlaryna we ýaragly güýçlerimize gynanç bildirýäris, ýaralanan esgerlere şypa dileýäris” diýildi.



Degişli Habarlar