Prezident Erdogan, Saad Haririni Kabul Etdi

Türkiýe dost we doganlyk ýurt liwanyň halkynyň jebisligi üçin ähli taraplaýyn goldaw bermäge dowam eder

1560221
Prezident Erdogan, Saad Haririni Kabul Etdi

Prezident R. T. Erdogan, Liwanda hökümeti gurmak jogapkärçiligi berlen Saad Haririni kabul etdi.

Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Prezident Erdogan, Saad Hariri bilen Stambulda Wahdettin köşgünde duşuşdy.

Duşuşykda Türkiýe bilen Liwanyň arasyndaky syýasy, ykdysady, söwda we medeniýet ýaly ugurlarda edilýän gatnaşyklaryň ösdürilmegi bilen birlikde sebitara meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Prezident Erdogan duşuşykda, geçmişi taryhyň çuňluklaryna çenli uzap gidýän özara gatnaşyklaryň ähli taraplaýyn ösdürülmegini isleýändiklerini belledi.

Erdogan, Türkiýäniň dost we doganlyk ýurt liwanyň halkynyň jebisligi üçin ähli taraplaýyn goldaw bermäge dowam etjekdigini nygtady.

Saad Hariri hem Türkiýäniň Liwana berýän goldawlary we maýa goýumlary üçin Prezident Erdogana sagbolsun aýtdy.

 



Degişli Habarlar