“Mukaddes Watanymyzy we Baýdagymyzy Goramaga Dowam Ederis”

Prezident Erdogan 1-nji Inönü ýeňişiniň 100 ýyllygy mynasibetli ýüzlenme çap etdi.

1560243
“Mukaddes Watanymyzy we Baýdagymyzy Goramaga Dowam Ederis”

Prezident R. T. Erdogan, hemişe we her şertde mukaddes watany we baýdagy goramaga dowam etjekdiklerini aýtdy.

Prezident Erdogan 1-nji Inönü ýeňişiniň 100 ýyllygy mynasibetli ýüzlenme çap etdi.

Erdogan ýüzlenmesinde, Garaşsyzlyk söweşi ýyllarynda günbatar frontynda grek goşuny bilen bolan ilkinji söweşde 1-nji Inönü söweşinde gazanylan ýeňişiň, taryhda öçmejek yz galdyrandygyny nygtady.

1-nji Inönü ýeňişiniň şol bir wagtda Milli Azat edijilik söweşinde uly ýeňiş gazanylmagynyň hem buşlukçysydyny nygtan Erdogan:

 “Gazi Mustafa Kemalyň, “Täze Türkiýe döwletiniň kiçi, emma milli ýaş goşuny özünden güýçli duşmanlaryny İnönü meýdan söweşinde ýeňdi” sözleri bilen gürrüň berilýän ýeňiş, halkymyzyň jebisligini artdyrdy we ruhy taýdan uly goldaw berdi. Eziz halkymyzyň iň agyr günlerinde hem garaşsyzlygy üçin janlaryny pida eden göreşi bilen gaznylan şanly ýeňişlerimiz geljegimiz üçin ylham çeşmesi bolmaga dowam eder. Biz hem hemişe we her şertde mukaddes watanymyzy we baýdagymyzy goramaga dowam ederis. Pursatdan peýdalanyp, Gazi Mustafa Kemal Paşanyň başda durmagynda Garaşsyzlyk göreşiniň ähli gahrymanlaryny uly hormat bilen hatyralaýaryn” diýdi.



Degişli Habarlar