Türksat 5A Älem Giňişligine Uçuryldy

Emeli hemra teleýaýlym we maglumat aragatnaşygy boýunça iş alyp barar

1559730
Türksat 5A Älem Giňişligine Uçuryldy

Türkiýäniň täze emeli hemrasy Türksat 5A Türkiýe wagty bilen 05:15-de Amerikanyň Florida ştatynda ýerleşýän Cape Canaveral bazasyndan üstünlik bilen älem giňişligine uçuryldy.

Türkiýäniň iň döwrebap emeli hemrasy Türksat 5A “Space X” firmasyna degişli “Falkon 9” kysymly raketasy bilen älem giňişligine ugradyldy.

Türkiýe wagty bilen sagat 04:28-de uçurylmagy meýilleşdirilen uçurlyş howa şertleri sebäpli 1 sagada golaý yza süýşürilip, Türkiýe wagty bilen sagat 05:15-de amala aşyryldy.

Ulaglar we infrastruktura ministri Adil Karaismailogly “Türksat AŞ” firmasynyň paýtagt Ankaranyň Gölbaşy etrabyndaky desgalarynda geçirilen maslahatda emeli hemranyň orbitasyna tarap uçmaga başlandygyny beýan edip: “Türksat 5A hemramyzdan 35 minutdan soň ilkinji habar geldi. Emeli hemramyz ýoluna dowam edýär. Şol ýolagçylyk 4 aý dowam eder. Soň synaglarymyzy geçireris we emeli hemra ulanmaga başlanar” diýdi.

Karaismailogly 5A hemrasyndan soň 5B we 6A hemralarynyň uçuryljakdygyny beýan edip: “Häzirki wagtda önümçiligi tamamlanan we synaglary geçiriler Türksat 5B hemramyzy iýun aýynda uçurmagy meýilleşdirýäris” diýdi.

Ýerli we milli Türksat 6A boýunça hem işleriň dowam edýändigini aýdan Karaismailogly Türksat 6A-nyň bolsa 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda älem giňişligine uçurylmagynyň meýilleşdirilýändigini nygtady.

Türksat 5A hemrasy manýowr ömri bilen orbitadaky tolkun we orbita hukužklaryny 30 ýylyň dowamynda kepillendirer.

Türksat 5A 31 gradus gündogar orbitasynda Türkiýäni, Ýewropany, Ýakyn Gündogary, Demirgazyk Afrikany, Merkezi Günbatar Afrikany, Günorta Afrikany, Ortaýer deňizi sebitini, Egeý we Gara deňizlerini öz içine alýan sebitde teleýaýlym hem-de maglumat aragatnaşygy boýunça hyzmatlar berer.

Doly elektrikli iteriji ulgama eýe bolan Türksat 5A-nyň 31 gradus gündogar orbitasyndaky pozisiýasyna 4 aýyň dowamynda barmagy we ýylyň ikinji çärýeginde ulanylmaga başlanmagy maksat edinilýär.



Degişli Habarlar