Synaglardan Soň Sanjymlaryň Gyssagly Ulanylmagyna Rugsat Berler

Türkiýäniň koronawirusa garşy göreşi dowam edýär

1559607
Synaglardan Soň Sanjymlaryň Gyssagly Ulanylmagyna Rugsat Berler

Soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli çekilen adam pidasy 194 boldy

Epidemiýanyň başyndan bäri aradan çykan raýatlaryň sany 22 müň 264 adama ýetdi.

24 sagadyň dowamynda 183 müň  3 adam testden geçirilip, ýene-de 1 müň 370 adama koronawirusyň ýokaşandygy  anyklandy.

Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 12 müň 171 adama ýetdi

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan 8 müň 211 adam bilen birlikde, jemi sagalan raýatlaryň sany 2 million 172 müň 251 adama ýetdi.

Beýleki tarapdan Ylmy geňeşiň 2021-nji ýyldaky ilkinji maslahatyndan soň metbugata beýannama beren Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja, sanjymlaryň howpsyzlyk synaglarynyň tamamlanmagyndan soň gyssagly ulanylmagyna rugsat beriljekdigini aýtdy.



Degişli Habarlar