Türkiýe, ABŞ-da Başdan Geçirilýän Wakalara Alada Bildirýär

“ABŞ-daky ähli taraplara parasatly çemeleşmekleri üçin çagyryş berýäris"

1558876
Türkiýe, ABŞ-da Başdan Geçirilýän Wakalara Alada Bildirýär

 

Türkiýe, ABŞ-da prezident saýlawlaryndan soň başdan geçirilýän içerki wakalara alada bildirýär.

Daşary işler ministrliginden belen beýannamada, ABŞ-da düýn protestçylaryň Kongresiň binasyna çenli girendigi we bu wakalara alada bildirilýändigi nygtaldy.

Beýannamada “ABŞ-daky ähli taraplara parasatly çemeleşmekleri üçin çagyryş berýäris. ABŞ-nyň bu içerki syýasy krizisiň kämillik bilen hötdesinden geljekdigine ynanýarys” diýildi.

Daşary işler ministrliginden belen beýannamada, ABŞ-da ýaşaýan türk raýatlaryna ýörişleriň geçirilýän ýerlerinden çetde durmaklary maslahat berildi.

 



Degişli Habarlar