Türk Resmiler ABŞ-da Başdan Geçirilýän Wakalara Alada bildirýär

TBMM-nyň başlygy Mustafa Şentop ABŞ-daky wakalar bilen bagly beýanat berdi

1559138
Türk Resmiler ABŞ-da Başdan Geçirilýän Wakalara Alada bildirýär

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň (TBMM) başlygy Mustafa Şentop, ABŞ-daky hadysalara ýakyndan gözegçilik edýändiklerini, taraplary ilki bilen asudalyga çagyrýandyklaryny habar berdi.

TBMM-nyň başlygy Mustafa Şentop sosial media hasabyndan, ABŞ-daky Prezident saýlawyndan soň başdan geçirilen we düýn Kongresiň binasyna demonstrantlaryň girmegine çenli dowam eden hadysalar bilen bagly beýanat berdi. 

Mustafa Şentop: "ABŞ-daky hadysalara ýakyndan gözegçilik edýäris, taraplary ilki bilen asudalyga çagyrýarys. Hukugyň we demokratiýanyň çäginde meseleleriň çözüljekdigine ynanýarys. Türkiýe hökmünde hemişe hukugyň we demokratiýanyň tarapdary boldyk. Her kimede şony maslahat berýäris" diýip belledi. 

Adalat ministri Abdülhamit Gül, Twitterden beren beýanatynda: "ABŞ-nyň Kongresinde başdan geçirilen elhenç hadysalara ýakyndan gözegçilik edýäris. Hemişe we her ýerde belleýşimiz ýaly ABŞ-da demokratiýanyň we hukugyň işlemegini, saýlawçynyň ygtyýaryna hormat goýulmagyny we şol ygtyýaryň orta goýulmagyny dileýärin" diýip belledi. 

 

Prezidentiň Metbugat sekretary Ibrahim Kalyn, ABŞ-nyň paýtagty Waşington şäherinde Prezident Donald Trampa goldaw berip demonstrasiýa geçiren protestçileriň bir böleginiň polisiýa gullugynyň barrikadalaryny geçip, Kongresiň binasyna girmegi bilen baglanşykly Twitter hasabyndan beýanat berdi. 

"ABŞ-daky hadysalara alada bilen gözegçilik edýäris" diýip bellän Kalyn, şol beýanatynyň iňlisçesini hem paýlaşdy. 

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun, Twitter hasabyndan beýanat berip: "ABŞ-da demokratiýanyň ähli guramadyr edaralarynyň iň gysga wagtda işlejek ýagdaýa geljekdigine bolan ynanjymyzy goraýarys" diýip belledi. 

BMG-nyň 75-nji Baş Assambleýasynyň başlygy Wolkan Bozkyr, ABŞ-nyň Kongresiniň düýn Prezident Donald Trampyň tarapdarlary tarapyndan girilmeginden soň başdan geçirilen hadysalara gynanç we alada bildirýändigini habar berdi. 

BMG-nyň 75-nji Baş Assambleýasynyň başlygy Wolkan Bozkyr, Twitter hasabyndan beren beýanatynda: "ABŞ dünýäniň iň uly demokratiýalarynyň biri. Bular ýaly tankydy günlerde ýurtda demokratik etaplarda parahatçylygyň we hormadyň üstünlik gazanjakdygyna ynanýaryn" diýip belledi. 



Degişli Habarlar