TBMM-nyň başlygy Mustafa Şentop ABŞ-daky wakalar bilen bagly beýanat berdi

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň (TBMM) başlygy Mustafa Şentop, ABŞ-daky hadysalara ýakyndan gözegçilik edýändiklerini, taraplary ilki bilen asudalyga çagyrýandyklaryny habar berdi

1558951
TBMM-nyň başlygy Mustafa Şentop ABŞ-daky wakalar bilen bagly beýanat berdi

TBMM-nyň başlygy Mustafa Şentop sosial media hasabyndan, ABŞ-daky Prezident saýlawyndan soň başdan geçirilen we düýn Kongresiň binasyna demonstrantlaryň girmegine çenli dowam eden hadysalar bilen bagly beýanat berdi. 

Mustafa Şentop: "ABŞ-daky hadysalara ýakyndan gözegçilik edýäris, taraplary ilki bilen asudaluga çagyrýarys. Hukugyň we demokratiýanyň çäginde meseleleriň çözüljekdigine ynanýarys. Türkiýe hökmünde hemişe hukugyň we demokratiýanyň tarapdary boldyk. Her kimede şony maslahat berýäris" diýip belledi. 



Degişli Habarlar