"Gresiýa bigünä adamlary ölüme itekleýär, Ýewropa bolsa oňa tomaşa edýär"

Türkiýäniň Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, Gresiýanyň bigünä adamlary ölüme itekleýändigini, Ýewropanyň bolsa oňa tomaşa edýändigini beýan etdi

1559257
"Gresiýa bigünä adamlary ölüme itekleýär, Ýewropa bolsa oňa tomaşa edýär"

Içeri işler ministri Süleýman Soýlu Twitter hasabyndan, Gresiýanyň Kenarýaka Howpsuzlyk gullugynyň bosgunlary halas etmegiň ýerine, olaryň janyna howp salyp, Türkiýäniň suw giňişligine itekleýändigini, ondan soň bolsa bosgunlaryň Türkiýäniň Kenarýaka Howpsuzlyk gullugy tarapyndan halas edilýändigini we bosgunlaryň hadysa bilen bagly beýanat berýändigini görkezýän wideony paýlaşdy. 

Iňlis we türk dillerinde beýanat beren Süleýman Soýlu: "Gresiýa bigünä adamlary ölüme itekleýär, Ýewropa bolsa oňa tomaşa edýär. Türkiýäniň Kenarýaka Howpsuzlyk gullugy adamlary halas edýär. Her gün dowam edýän bu adamzat gymmatlyklaryna bap gelmeýän hereketlere sesini çykarmaýan @Frontex-i we @Europarl_EN-i ýazgarýarys" diýip belledi. 



Degişli Habarlar