Fuat Oktaý we Edi Rama ASELSAN edarasyna bardylar

Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý, Albaniýanyň Premýer ministri Edi Rama bilen ASELSAN edarasyna bardylar

1559390
Fuat Oktaý we Edi Rama ASELSAN edarasyna bardylar

ASELSAN-yň paýtagt Ankara şäherindäki binasynda Rama bilen birlikde beýanat beren Oktaý, Türkiýäniň goranyş senagaty zolagyndaky mümkinçiliklerini ýerinde görmek we Albaniýanyň zerurlyklaryny kesgitlemek maksady bilen ASELSAN-a gelendiklerini mälim etdi. 

Türkiýäniň goranyş senagaty ugrundaky göwrüminiň 20 göterimden 70 göterime çenli ýokarlandygyny aýdan Oktaý, mümkinçilikleriň has hem artjakdygyny aýan etdi. 

Oktay: "Häzirki gelip gören desgamyzda ähli tehnologik enjamlaryň diňe harby ugurda däl, eýsem raýat pudagynda hem ulanylýandygyny görkezýän tehnologiýalary we önümleri öz gözlerimiz bilen görýäris" diýip habar berdi. 

Oktaý, Türkiýäniň we Albaniýanyň gowy we erbet günlerinde biri-birine goldaw berýän iki ýurtdugyny belläp: "Şol dostlugyň bir görkezijisi hökmünde goranyş senagatyndaky hyzmatdaşlygymyzy maslahatlaşmak üçin bu ýere geldik" diýip mälim etdi. 

Albaniýanyň Premýer ministri Edi Rama hem, ASELSAN edarasyny gözegçilik edenlerinden soň, Türkiýäniň birnäçe ýylyň içinde tehnologik ugurda nähili öňe gidişlik edendigine şaýat bolandyklaryny belledi.

Rama, ýakyn wagtda ýurdunyň şäherlerinde we ýollarynda ASELSAN tarapyndan özgerdilern tehnologiýalaryň ulanylmagyny arzuw edýändiklerini nygtap: "Birnäçe ýylyň içinde bu ýurt üçin edenleriňiz we bu ýurdyň edenleri örän täsin galdyryjy. Şol sebäpli sizi gutlaýaryn" diýip beýan etdi. 

Albaniýanyň Premýer ministri Edi Rama, ASELSAN-a baranyndan soň, öz ýurduna gaýtdy. 


Etiketkalar: #ASELSAN , #Edi Rama , #Albaniýa

Degişli Habarlar