Fuat Oktaý we Albaniýanyň Premýer ministri Edi Rama Goranyş senagaty edarasyna bardylar

Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý we Albaniýanyň Premýer ministri Edi Rama Prezidentiň Goranyş senagaty edarasyna bardylar

1559384
Fuat Oktaý we Albaniýanyň Premýer ministri Edi Rama Goranyş senagaty edarasyna bardylar

Fuat Oktaý we Edi Rama, Goranyş senagaty edarasynyň başlygy Ismail Demir bilen duşuşyk geçirdiler, soň bolsa Goranyş senagaty edarasynyň ýadygärlik depderine gol çekdiler. 

Ol ýerde çykyş eden Fuat Oktaý, Türkiýe bilen Albaniýanyň arasynda geçmişden bäri köptaraplaýyn gatnaşyklaryň bardygyny belläp, Edi Ramanyň Prezident Rejep Erdogan bilen düýn geçiren duşuşygynda hem şol gatnaşyklaryň ara alynyp maslahatlaşylandygyny habar berdi. 

Edi Ramanyň ýurdynyň zerurlyklary boýunça gyzyklanýan taslamalary barada maglumat almak üçin Goranyş senagaty edarasyna gelendigini aýdan Oktaý: "Şu gün özlerine esasan hem goranyş senagatyndaky taslamalary tanyşdyrmak üçin bu ýerde kabul etdik. Gyzyklanýan taslamalarynyň çäginde özlerine gerek bolan maglumaty bereris we gerek bolan tanyşdyryş çärelerini geçireris" diýip mälim etdi. 

Oktaý mundan başgada Ramanyň ASELSAN edarasyna hem baryp görjekdigini we ol ýerdäki taslamalaryň we önümleriň tanyşdyryljakdygyny beýan edip: "Soň bolsa gerek bolan zerurlyklaryň çäginde jikme-jik gepleşikler geçiriler" diýip aýan etdi. 

Albaniýanyň Premýer ministri Edi Rama Wise-prezident Fuat Oktaýa minnetdarlyk bildirip, Goranyş senagaty edarasyna gelip görmekden hoşaldygyny habar berdi. 



Degişli Habarlar