Çawuşogly: "ASEAN bilen gatnaşyklarymyza aýratyn ähmiýet berýäris" diýdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, ASEAN-a agza ýurtlaryň Ankara şäherindäki ilçilerine ýüzlenip çykyş etdi

1558595
Çawuşogly: "ASEAN bilen gatnaşyklarymyza aýratyn ähmiýet berýäris" diýdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Türkiýäniň "Ýaňadandan Aziýa" atly programmasynyň çäginde ASEAN-a agza ýurtlar bilen gatnaşyklaryna aýratyn ähmiýet berýändigini habar berdi. 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, ASEAN-a agza ýurtlaryň Ankara şäherindäki ilçilerine ýüzlenip çykyş etdi. 

Maslahata gatnaşan resmileri täze ýyllary bilen gutlan Mewlüt Çawuşogly, Filippinlerde başdan geçirilen sil apatynda ýogalan adamlar sebäpli gynanç bildirdi. 

Mewlüt Çawuşogly, ASEAN Ankara toparynyň ilçileri bilen däbe öwrülen maslahatyň 4-njisini geçirendiklerini belläp, ozalky maslahatyň 2019-njy ýylyň 11-nji iýulynda geçirendiklerini ýatlatdy. 

Geçen ýyly koronawirus epidemiýasy sebäpli ASEAN-a agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň maslahatyna gatnaşyp bilmändiklerini aýdan ministri Mewlüt Çawuşogly, bu ýyl şertler gabat gelen halatynda 55-nji ASEAN-a agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň maslahatyna gatnaşjakdyklaryny habar berdi. 

Türkiýäniň şu günki gün Aziýadaky 3 guramanyň döwürleýin başlyklygyny ýerine ýetirýändigine ünsleri çeken Mewlüt Çawuşogly, 21-nji ýanwarda Aziýanyň hyzmatdaşlyk dialogynyň Daşary işler ministrleriniň maslahatyny geçirjekdiklerini we ASEAN-a agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň hem bu maslahata gatnaşmaklaryny garaşýandyklaryny mälim etdi. 

Mewlüt Çawuşogly, şu ýylky maslahatda 2020-nji ýylda gatnaşyklarda ýetilen sepgitler gözden geçiriler we öňümizdäki ýyllarda ikitaraplaýyn häsýetde we ASEAN bilen gatnaşyklary nähili ýagdaýda ösdürip biljekdiklerini maslahatlaşjakdyklaryny aýan etdi. 



Degişli Habarlar