Türksat 5A-nyň Uçurylmagy Yza Süýşürildi

Türkiýäniň döwrebap emeli hemrasy Türksat 5A-nyň uçurylmagy yza süýşürildi

1557622
Türksat 5A-nyň Uçurylmagy Yza Süýşürildi

Amerikanyň Florida ştatynda ýerleşýän Keý Kanaweral bazasyndan uçurylmagy meýilleşdirilen Türksat 5A-nyň uçurulmagynyň yza süýşürilmeginiň sebäbi beýan edilmedi. Emma Türkiýe radio-telewideniýe guramasynyň alan maglumatyna görä “Uçurlyş Wagtyndaky Howa Maglumaty” resminamasynda, howanyň dykyz we bulutly bolandygy görülýär.

Emeli hemranyň uçurylmagynyň şol sebäpli yza süýşürilendigi çaklanylýar.

Türksat 5A: Türkiýäni, Ýewropany, Ýakyn Gündogary, Demirgazyk Afrikany, Merkezi-Günbatar Afrikany, Günorta Afrikany, Ortaýer deňizini, Egeý we Gara deňizlerini öz içine alýan sebitlerde teleýaýlym hem-de maglumat aragatnaşygy hyzmatlaryny berer.



Degişli Habarlar