Prezident Erdogan Partiýasynyň Welaýat Başlyklarynyň Giňeldilen Maslahatynda Çykyş Etdi

Prezident Erdogan ABŞ we Ýewropa Bileleşigi bilen iki tarapyň hem inkär edip bilmejek çuňňur gatnaşyklarynyň bardygyny habar berdi

1543923
Prezident Erdogan Partiýasynyň Welaýat Başlyklarynyň Giňeldilen Maslahatynda Çykyş Etdi

Ýurdyň Prezidenti we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy Rejep Taýýip Erdogan, Partiýasynyň Welaýat Başlyklarynyň Giňeldilen Maslahatyna Stambul şäherindäki Dolmabahçe köşgündäki ofisinden göni ýaýlym arkaly gatnaşdy. 

Prezident erdogan: "ABŞ we Ýewropa Bileleşigi bilen iki tarapyň hem inkär edip bilmejek çuňňur  syýasy we ykdysady gatnaşyklarymyz bar. Türkiýe hökmünde bu gatnaşyklaryň ruhuna zyýan ýetirjek ädim etmedik, mundan soň hem etmeris. Ýewropaly we ABŞ-ly maýadarlara her dürli goldaw berdik. Sanksiýalar ähli taraplar üçin hem peýda getirmejek, bahbidi bolmadyk bir çemeleşmedir. Bu babatdaky anyk ädimleriň gözbaşynda mümkinçiliklerimizi güýji göz öňüne tutulyp ediljekdigine ynanýaryn. Dialog we hyzmatdaşlyk bilen çözülmejek hiç bir meseläniň bolmandygyna ynanýaryn. Gapylarymyz maýadarlara açykdyr, mundan soň hem açyk bolmaga dowam eder" diýip habar berdi. 

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Azerbaýjan sapary bilen bagly bolsa: "Düýn Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde doganlarymyzyň ýeňiş buýsanjyny bilelikde paýlaşdyk. Bu babatdaky giňişleýin beýanatymyzy milletimize öňümizdäki hepde geçiriljek Ministrler kabinetiniň mejlisinde paýlaşarys" diýip belledi. 


Etiketkalar: #ABŞ , #ÝB , #partiýa , #welaýat , #Erdogan

Degişli Habarlar