Türkiýe Gresiýa Çagyryş Berdi

Türkiýe Gresiýanyň ikitaraplaýyn meseleleri diňe gepleşikler stoluna oturyp, hyzmatdaşlyk we dialog bilen çözüp biljekdigini habar berdi

1540576
Türkiýe Gresiýa Çagyryş Berdi

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň Metbugat geňeşçisi Hami Aksoý, Gresiýanyň metbugatynda Türkiýäniň Ýewropa Bileleşigi maslahatyndan ozal, Egeý we Gündogar Ortaýer deňizindäki harby hereketliligini artdyrandygy baradaky habarlar bilen bagly soraga jogap berdi. 

Şol habarlaryň hakykata bap gelmeýändigini aýdan Aksoý: "Gaýtam tersine Gresiýa, 20-nji oktýabrdan başlap... Egeý we Gündogar Ortaýer deňizinde 24 aýry harby türgenleşik geçirjekdigini belläp, sebitdäki öjükdiriji we dartgynlygy artdyryjy hereketlerini dowam etdirýär" diýip habar berdi. 

Gresiýanyň 9-njy oktýabrdan bäri NATO-nyň resmileri tarapyndan geçirilmegi meýilleşdirilen maslahatlara gatnaşmandygyna ünsleri çeken Aksoý: "Gresiýa Türkiýe bilen ikitaraplaýyn meselelerini başga ýurtlardan medet diläp dälde, eýsem diňe Türkiýe bilen gepleşikler stoluna oturyp, hyzmatdaşlyk we dialog bilen çözüp biler" diýip beýan etdi. 



Degişli Habarlar