Türkiýe Gresiýa Gepleşikler Geçirmek Barada Çagyryş Berdi

Türkiýe Gresiýanyň gepleşikler stolyna iň gysga wagtda oturmalydygyny nygtady

1533792
Türkiýe Gresiýa Gepleşikler Geçirmek Barada Çagyryş Berdi

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň Metbugat geňeşçisi Hami Aksoý, Gresiýanyň Daşary işler ministri Nikos Dendiasyň sosial mediada çykan Türkiýe bilen baglanşykly beýanatlary baradaky soraga jogap berdi. 

Hami Aksoý, Nikos Dendiasyň beýanatlarynda Türkiýäni aýyplamagynyň we ulanan hemleli diliň, grek tarapynyň Türkiýe bilen arasyndaky meseleleri dialog arkaly we diplomatiýa ýoly bilen çözmegi islemeýändigini ýene-de bir gezek görkezendigini habar berdi. 

Türkiýäniň Gündogar Ortaýer deňizi meselesinde awgust aýyndan bäri eýeleýän konstruktiw pozisiýasynyň we gowy niýetler bilen eden ädimleriniň jogapsyz galandygyny aýdan Aksoý: "Gresiýanyň sebitdäki maksimalist talaplarynyň öňünde, ýurdumyzyň we Kipr türkleriniň hukuklaryny goramak üçin alyp barýan tutanýerli işlerini öjükdiriji, hat-da bikanun hökmünde häsýetlendirmegi, dialogdan gaçmak üçin öňe sürýän bahanalarydyr" diýip belledi. 

Hami Aksoý Türkiýäniň dialog bilen bagly çagyryşlaryny hemişe berendigini we mundan soň hem berjekdigini belläp: "Gresiýa hemleli dili bilen we Ýewropa Bileleşigini arkasyna alyp bir netije alyp bilmejekdigine indi göz ýetirmelidir. Şertler öňe sürmekden ýüz öwürmelidir we gepleşikler stoluna iň gysga wagtda oturmalydyr" diýip belledi. 



Degişli Habarlar