Türkiýe Günbatar Sahara bilen bagly beýanat berdi

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Hami Aksoý mesele bilen bagly beýanat berdi

1528313
Türkiýe Günbatar Sahara bilen bagly beýanat berdi

Türkiýe Günbatar Sahara meselesiniň BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň kararlarynyň çäginde asdalatly we hemişelik bir syýasy çözgüdiň tapylmagy bilen bagly tagallalaryny goldaýandygyny beýan etdi.

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Hami Aksoý, Marokkonyň, Marokko-Mawritaniýa gara ýolunyň Gergarat ara zolagynda geçiren operasiýasy barada ýazmaça beýanat berdi. 

Türkiýäniň Marokkonyň sebitde adamlaryň we mallaryň erkin ýagdaýda hereket etmeklerini üpjün etmek maksady bilen gören çärelerini ýakyndan gözegçilik edýändigini we sebitiň geçişlere açyk saklanmagynyň möhümdigini aýdan Hami Aksoý: "Türkiýe Günbatar Sahara meselesini BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň kararlarynyň çäginde asdalatly we hemişelik bir syýasy çözgüdiň tapylmagy bilen bagly tagallalaryny goldamaga dowam edýär" diýip nygtady.  



Degişli Habarlar