Türkiýe Maýk Pompeonyň beýanatyna nägilelik bildirdi

Türkiýäniň Daşary işler ministrligi ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo nägilelik bildirip: "Ulanan sözleri ýerliksizdir" diýip bellendi

1526087
Türkiýe Maýk Pompeonyň beýanatyna nägilelik bildirdi

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Hami Aksoý, Maýk Pompeonyň Türkiýä gurajak saparyndan ozal beren beýanatyna 

Hami Aksoý beren beýanatynda: "ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygy tarapyndan düýn berilen beýanatda, Daşary işler ministri Maýk Pompeonyň käbir beýleki ýurtlary hem öz içine aljak saparynyň çäginde Stambulda Fener Grek Patriarhy bilen duşuşyk geçirjekdigi we şol duşuşykda Türkiýedäki we sebitdäki dini meseleleriň ele alynyp, ABŞ-nyň dünýä derejesinde dini azatlyklar babatynda güýçli pozisiýasynyň bellenip geçiljekdigi habar berildi. Myhman bolan daşary ýurtly resmileriň sapar guran ýurtlaryndaky dini jemgyýetleriň wekilleri bilen duşuşyk geçirmeklerinde hiç hili mesele ýokdyr. Ençeme tapawutly dine ýüzlerçe ýyllap ýer eýeçiligini eden we bu babatda dünýäde aýratyn bir orna eýe bolan ýurdumyza sapar guran daşary ýurtly myhmanlarymyz şu günki güne çenli Türkiýedäki tapawutly dini jemgyýetleriň wekilleri bilen hemişe isleýişleri ýaly duşuşyk geçiripdiler. Beýleki tarapdan Türkiýede dini azatlyklar babatynda esasan hem soňky 20 ýylda ýetilen sepgitler hemmeler tarapyndan aýandyr. Dünýäniň ençeme ýerinde Musulmanlar başda bolmak bilen dini azlyklar ybadatlaryny kyn şertlerde we howp astynda ýerine ýetirmäge mejbur bolan mahaly, musulman bolmadyk raýatlarymyz ýurdumyzda dini ybadatlaryny erkin ýagdaýda ýerine ýetirip bilýär, tapawutly ynançalara eýe bolan raýatlarymyzyň ybadat azatlyklary goralýar. Şol sebäpli ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň ýurdumyza gurajak sapary bilen baglanşykly beýanatynda bu babatda ulanan sözleri örän ýerliksizdir. ABŞ-nyň ilki bilen aýna seretmegi we öz ýurdundaky rasizm, Yslam duşmançylygy we ýigrenje esaslanýan jenaýatlar ýaly adam hukuklarynyň düzgün bozmalaryna gerek bolan duýgurlyk görkezmegi has dogry bolar. Bu babatdaky nägileligimiz ABŞ tarapyna ýetirildi we ABŞ-nyň ilki bilen sebitleýin we global meselelerde ýurtlarymyzyň arasynda hyzmatdaşlygyny artdyrmagyna üns bermegi maslahat berildi" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar